Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenleri hatyralap sadaka berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Sadaka ýurtda amala aşyrylýan işleriň üstünliklere beslenmeginiň, halkyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik maksatlaryň durmuşa geçmeginiň hatyrasyna hem-de öten-geçenleri hatyralap berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, gadymdan gelýän türkmençilik däpleriniň yslam dini bilen berk baglydygyny belledi. “Şonuň üçin türkmen halky her bir işe “Bismilla!” diýip, Allanyň ady bilen başlaýar. Haýyrly işleriň rowaç bolmagyny dileg edip, sadaka berýäris, ýagşy dilegler edýäris. Ýurdumyzdaky gonamçylyklaryň daş-töweregini arassa saklamaga hem uly üns berilýär. Şu gün hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowara gatnaşyp, sogap iş etdik” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy öten-geçenleri hatyralamagyň sogap iş hasaplanýandygyny aýdyp, “Ölüsini sylan beg bolar, dirisini sylan — baý” diýýän halkymyzda ata-babalardan gelýän däp-dessurlara uly hormat goýulýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň müftüsi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessura eýerip, tebärek çykandan soňra, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soňra Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda ýurduň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, öten-geçenleri hatyralap okalan doga-dilegleriň we berlen sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, hajy Arkadagyň hem-de döwlet Baştutanynyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka gatnaşanlara minnetdarlyk bildirip, okalan aýatlaryň we edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Seýit Jemaleddin metjidinde jemagat bilen bilelikde agşam namazyny okady.




32444-495x4352.jpeg)








32444-90x604.jpeg)



