Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda anna güni geçirilen “Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmennebit” döwlet konserni, “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd” kompaniýasy we “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama, 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasyndaky Ylalaşyk bar. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahatda eden çykyşynda şu ýyl Türkmenistan bilen Malaýziýanyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýandygyny belläp, PETRONAS kompaniýasynyň ýurduň nebit-gaz senagatyna 12 milliard ABŞ dollaryna golaý maýa goýandygyny aýtdy.
Çykyşda bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň dowamynda Hazar deňzinde bäş platforma gurlup, 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlandy. Şeýle hem “Magtymguly”, “Diýarbekir” we “Garagöl Deňiz” ýataklary özleşdirilýär, geljekde bolsa “Öwez” hem-de “Maşrykow” ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany PETRONAS kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işleriň başlanjakdygyny, 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji deňiz toplumlarynda bolsa 2D seýsmiki işleriň geçiriljekdigini aýtdy.
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim öz çykyşynda nebitgaz pudagynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtap, gol çekilen resminamalaryň özara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol PETRONAS kompaniýasynyň 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barandygyny we bilelikdäki taslamalaryň iki ýurduň energetika gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Maslahatyň dowamynda taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini tassyklap, täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.













32444-90x604.jpeg)



