Türkmenistan bilen Özbegistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Özbegistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi, 2026-njy ýylyň 20-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Altyn asyr”elektron gazeti)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ozalky ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan özara ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, maýa goýumlar we öňdebaryjy tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň, şeýle hem özara söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça geljekki bilelikdäki işleriň anyk ugurlary kesgitlenilip, degişli teswirnama gol çekildi. Gatnaşyjylar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022