Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkeziniň başlygy hem-de kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutany gutlagynda Oleg Kononenko berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny hem-de älem giňişligini özleşdirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Oleg Kononenko Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany bolup, "Roskosmos" döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparyna ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem ol 1-nji derejeli synagçy-kosmonawt derejesine eýedir.
2026-njy ýylyň 21-nji iýunynda Oleg Kononenko 62 ýaşyny doldurdy.

















