Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine we BMG-niň COP31 maslahatyna gatnaşar

BT
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine we BMG-niň COP31 maslahatyna gatnaşar
Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň baýdaklary (Surat: www.turksoy.org)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň şu ýylyň güýzünde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine hem-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşjakdygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň başynda Türkiýaniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ýokary derejedäki saparlarynyň, duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şeýle hem ol Türkiýäniň Prezidentiniň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistana amala aşyran sapary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine hem garaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini, ýakynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisiniň geçirilendigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika ulgamlarynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Taraplar medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem degip geçdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary üçin döredilýän mümkinçilikler üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022