OPEK: Aprel aýynda Merkezi Aziýadan nebitiň eksporty ýokarlandy

BT
OPEK: Aprel aýynda Merkezi Aziýadan nebitiň eksporty ýokarlandy
Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly nebit daşalýar.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan nebitiň eksporty 2026-njy ýylyň aprel aýynda ortaça her gün 245 müň barrel derejesine ýetdi. Bu görkeziji mart aýy bilen deňeşdirilende 19 müň barrel, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 10 müň barrel artdy. Bu barada OPEK-iň nebit bazary boýunça iýun aýyndaky aýlyk hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Gazagystanyň nebit eksportynyň esasy bölegi Hazar turba geçiriji konsorsiumynyň (KTK) terminaly arkaly Gara deňze ugradyldy. Aprel aýynda bu ugur boýunça akymlar durnukly saklanyp, her gün 1,6 million barrele deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň görkezijisinden takmynan 5 göterim azdyr.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň daşalmagynda möhüm orun eýeleýän Baku–Tbilisi–Jeyhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly nebit eksporty aprel aýynda her gün 541 müň barrele ýetdi. Mart aýy bilen deňeşdirilende bu görkeziji 47 müň barrel azalandygyna garamazdan, bu ugur sebit boýunça üpjünçilik ulgamynda durnukly ähmiýetini saklaýar.

Umumy nebit eksporty aprel aýynda Russiýa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda durnukly ýagdaýda saklanyp, görkezijiler her gün 6,6 million barrele deň boldy. Bu görkeziji mart aýy bilen deňeşdirilende ösüş 1 göterim azdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022