Bütindünýä banky toparynyň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasy (IFC) Imad N. Fahurini Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça sebit Wise-prezidenti wezipesine belledi. Guramanyň habar bermegine görä, ol 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan bu wezipä girişip, IFC-niň sebitdäki işini Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki edarasynda alyp barar.
Fahuri täze wezipesinde sebitiň 700 milliondan gowrak adam ýaşaýan 21 ýurdunda IFC-niň alyp barýan işine gözegçilik eder. Häzirki wagtda onuň ýolbaşçylygynda umumy möçberi 11 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan maýa goýum gory bolar. Hususy maýa goýumlaryny çekmek, ykdysady ösüşi goldamak, täze iş orunlaryny döretmek, hususy pudagy ösdürmek we telekeçilik üçin amatly şertleri gowulandyrmak täze ýolbaşçynyň işiniň esasy ileri tutulýan ugurlary bolar.
Fahuri “Hususy pudagy ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek we häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmek üçin Bütindünýä banky toparynyň baý tejribesini ulanyp, şeýle möhüm döwürde bu sebitde işlemek meniň üçin uly hormatdyr” diýip aýtdy. Onuň bellemegine görä, IFC önümçilik we hyzmatlar pudagyny, durnukly infrastruktura taslamalaryny ösdürmäge, şeýle hem innowasion we elýeterli maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns berer.
Bu wezipä bellenmezinden ozal Fahuri IFC-niň Günorta Aziýa boýunça bölümine ýolbaşçylyk etdi. Ondan öň ol Bütindünýä bankynda ýolbaşçy, şeýle hem Iordaniýada meýilleşdiriş we halkara hyzmatdaşlyk ministri, döwlet pudagyny ösdürmek ministri, Patyşalyk diwanynyň ýolbaşçysy we Senatyň agzasy wezipelerinde işledi.
Türkmenistan Bütindünýä banky toparynyň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasynyň (IFC) 1992-nji ýyldan bäri agzasydyr. IFC dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar we ösüp barýan bazarlarda hususy pudagy goldamaga ýöriteleşen iň iri halkara ösüş guramalarynyň biri hasaplanýar. Korporasiýa 2025-nji maliýe ýylynda hususy kompaniýalara we maliýe edaralaryna rekord derejede 71,7 milliard ABŞ dollary möçberinde maliýe serişdelerini gönükdirdi.
















