Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly TDG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly TDG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Öwezgeldi Jumanazarowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 2-nji iýuly, Stambul, Türkiýe. (Surat: TDG)

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Öwezgeldi Jumanazarow 2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew bilen guramanyň sekretariatynda duşuşyk geçirdi. Bu barada TDG-niň resmi saýty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda türki dünýäsiniň umumy maksatlaryny ilerletmek, agzybirlik, özara hormat goýmak we umumy garaýyş ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan ozal, 29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Türkmenistanyň şu ýylyň güýzünde geçiriljek Türki döwletler guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşjakdygyny tassyklady.

2022