Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, geňeşiň Duşenbe şäherinde geçiriljek ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Işewürler geňeşiniň esasy maksady Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr.
Mejlise Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belledi hem-de Wise-premýere türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















