“Ak Merjen” tüwi önümleri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar

BT
“Ak Merjen” tüwi önümleri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar
Tüwi önümi

Daşoguz welaýatynda öndürilýän “Ak Merjen” haryt nyşanly tüwi önümleri welaýatyň we ýurduň beýleki sebitleriniň sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Köneürgenç etrabynda telekeçi Şöhrat Sabyrowyň ýolbaşçylygyndaky bu kärhana ýerli daýhanlar tarapyndan ýetişdirilen tüwini gaýtadan işlemäge gönükdirilendir. Kärhanada ornaşdyrylan döwrebap enjamlaryň kömegi bilen tüwi birnäçe tapgyrda işlenilip, onuň tebigy häsiýetleri hem-de hili saklanýar.

Tüwi däneleri arassalanandan soň, däneleriň ölçeginiň birmeňzeşligini we deňligini üpjün edýän ölçeg boýunça saýlama tapgyryndan geçýär. Bu bolsa birmeňzeş ölçegdäki, ýokary hilli önümi almaga mümkinçilik berýär Taýýar önümler bolsa uzak wagtlap saklamak we daşamak üçin amatly bolan berk gaplanan polietilen haltalara ýerleşdirilýär.

Daşoguz welaýaty Türkmenistanyň oba hojalygy ösen sebitleriniň biri bolup, tüwiçilik bu ugurda möhüm orun eýeleýär. Welaýatda her ýyl 35 müň tonnadan gowrak tüwi öndürilýär.

Ýetişdirilen hasyly gaýtadan işläp, taýýar önüme öwürmek üçin welaýatda döwrebap önümçilik kuwwatlyklary döredildi. Ýokary hilli tüwi önümleri bilen üpjün etmekde döwlet kärhanalary bilen bir hatarda hususy öndürijiler hem işjeň gatnaşýarlar.

2022