Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy

BT
Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň Senatynyň wekili Stiw Deýns bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 9-njy iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni sapar bilen Aşgabada gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň özara hormata, ynanyşmaga we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryny ösdürmäge Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

Senator Stiw Deýns Prezident Donald Trampyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli amerikan halkyny gutlady.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup galýandygyny bellediler. Şeýle hem “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň bu ugurdaky ornuna ýokary baha berildi we “Boeing”, “General Electric”, “John Deere” hem-de “Case New Holland” kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda dürli taslamalary amala aşyrýandygy nygtaldy.

Duşuşykda ýangyç-energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň amatly geografik ýerleşişiniň we baý tebigy gorlarynyň iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ-nyň berýän goldawyna ýokary baha berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu taslamanyň sebitde ykdysady durnuklylygy, hyzmatdaşlygy we abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar. Duşuşygyň jeminde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň ABŞ bilen uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we ABŞ-nyň Senatynyň wekili birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

2022