Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly gowşuryldy

BT
Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň bu baradaky karary halk wekillerinden, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we ýurduň raýatlaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Resminama laýyklykda, karar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli kabul edildi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowa ýubileý medaly Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda, Watanyň hem-de raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde bitiren hyzmatlary üçin gowşuryldy.

Kararda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan taryhy başlangyçlary bilen Ýer ýüzünde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda, Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, harby gullukçylary Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik we halallyk ruhunda terbiýelemekde döwlet Baştutanynyň goşan şahsy goşandy hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti hem bellenilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa gol çekdi. Karar 2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde kabul edildi.

2022