Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak we hünär derejelerini bermek hakynda Permanlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy, şeýle hem hünär derejeleri berildi.
Mundan başga-da, Watanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we howpsuzlygyny üpjün etmekde, goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik we hukuk tertibini berkitmekde bitiren hyzmatlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirmekde gazanan üstünlikleri üçin harby gullukçylaryň we işgärleriň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşandyklary we onuň ýokary derejede geçirilmegine goşan şahsy goşantlary üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy.













