Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi bahasy 533 million 356 müň manada hem-de 2 million 821 müň 302 ABŞ dollaryna deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
BAE-niň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny , Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Owganystandan gelen işewürler TPP Z 30 G kysymly poliprepileni, gyzdyrylan nebit koksy, SN-180 we SN-600 kysymly başlangyç ýaglary hem-de 1-nji hilli arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin “A” kysymly tehniki ýody, TPP D 30 S kysymly poliprepileni, “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy hem-de nah matany satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 19 sany geleşik hasaba alyndy.

















