Türkmenistanyň welaýatlarynda 50 sany saglyk öýi gurlar

BT
Türkmenistanyň welaýatlarynda 50 sany saglyk öýi gurlar
Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen saglyk öýüniň açylyş dabarasy

Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinde 10 sany, jemi 50 sany saglyk öýi gurlar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda ýokarda agzalan saglyk öýlerini gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşik “Türkmenistan” gazetiniň anna günündäki sanynda çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde 30 orunlyk döwrebap hassahananyň binasyny gurmak boýunça hem bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik boýunça teklipleri kabul etmegiň möhleti hem 19-njy awgusta çenli dowam eder.

2022