Türkmenistanyň Prezidenti täze Medeniýet ministrini wezipä belledi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti täze Medeniýet ministrini wezipä belledi
Türkmenistanyň täze bellenen Medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew (Surat: "Watan" habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň täze medeniýet ministrini hem-de “Nesil” gazetiniň täze baş redaktoryny wezipä bellemek baradaky Permanlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutany işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin A. Şamyradowy Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşatdy. Şeýle hem degişli Permana laýyklykda, Gurbanmyrat Myradalyýew 6 aý synag möhleti bilen medeniýet ministri wezipesine bellenilip, medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Artykguly Hojaberdiýewi “Nesil” gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy. Bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen Hallygözel Şanazarowa bellenildi.

Mejlisiň dowamynda täze bellenen medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, täze wezipede ähli bilimini we güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň işine berk gözegçilik etmegi, halkyň taryhy-medeni mirasyny hem-de edebi gymmatlyklaryny öwrenmek we wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklere syýahatçylary çekmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem kitaphana we muzeý işini halkara tejribesi esasynda kämilleşdirmek, täze çeper we dokumental filmleri surata düşürmek, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hem-de Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek boýunça görkezmeler berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС