Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edişlik başlanýar

BT
Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edişlik başlanýar
Türkmenistanda talyplyga dalaşgärler (turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş meýilnamalaryny hem-de okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminamalara laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda kabul ediler. Giriş synaglary bolsa degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçiriler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň 2026–2027-nji okuw ýyly üçin kabul ediş meýilnamalary tassyklanyldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow ýylyň ilkinji alty aýynda bilim ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe okuwçylar we talyplar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde jemi 992 medal, türkmen türgenleri bolsa halkara ýaryşlarda 415 medal gazandylar.

Türkmenistanyň Prezidenti täze okuw ýylyna taýýarlygyň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhümdigini belläp, şu ýyl ulanylmaga beriljek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylmagyny tabşyrdy.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdeplerine zehinli ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny adalatly geçirmek bilen jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de ýaşlaryň köpçülikleýin sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän şertleri has-da giňeltmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС