Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä onuň kakasy — Şeýh Hamad bin Halifa Al Taniniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we Katar Döwletiniň ähli halkyna gynanjyny bildirip, ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hatynda Gudraty güýçli Allatagaladan şu agyr pursatda Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we maşgala agzalaryna ruhy durnuklylyk hem-de sabyrlylyk bermegini dileg etdi. Şeýle hem Döwlet Baştutany merhumyň ýatan ýeriniň ýagty, imanynyň hemra bolmagyny arzuw etdi.
Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani 1995-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Katar Döwletiniň Emiri bolup, ýurduň syýasy we ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeledi. 2013-nji ýylda ol tagty ogly Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä geçirdi.

















