Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Germaniýanyň “Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH” kompaniýasy bilen enjamlary satyn almak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, şertnama Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şeýle hem gullugyň kärhanalarynyň önümçiliginiň döwrebap işini üpjün etmek üçin zerur bolan enjamlary satyn almagy göz öňünde tutýar.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçiligi bökdençsiz we doly kuwwatynda işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bu işleriň has netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany neşirýat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

















