Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini bellemek hakynda permana gol çekdi. Resminama 18-nji iýulda Türkiýäniň "Resmi Gazete" neşirinde çap edildi.
Permana laýyklykda, Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine ozal Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Baş müdirliginiň orunbasary wezipesinde işlän Şener Jebeji bellenildi. Ozalky ilçi Ahmet Demirok bolsa Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasyna işe çagyryldy.
Ahmet Demirok 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirip geldi.
Türkmenistan bilen Türkiýe diplomatik gatnaşyklaryny 1992-nji ýylda ýola goýdy. Häzirki wagtda iki ýurt syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem energetika we ulag pudaklarynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.

















