Belarusly işewürler türkmen bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

BT
Belarusly işewürler türkmen bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler
Belarusyň Söwda-senagat edarasynyň Brest bölüminiň guran iş duşuşygynda Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi Ýuriý Dmitriçkow bilen geçirilen duşuşyk, 15-nji iýul (Surat: cci.by)

Belarusyň Söwda-senagat edarasynyň Brest bölüminiň guramagynda 15-nji iýulda ýerli işewürleriň türkmen bazaryna çykmagynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan iş duşuşygy geçirildi. Oňa Belarusyň dürli kärhanalaryndan 30-a golaý wekil gatnaşdy. Bu barada Belarusyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.

Duşuşyk "Diplomat bilen işewürlik ertirligi" görnüşinde geçirilip, oňa Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi Ýuriý Dmitriçkow hem gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylara türkmen bazary barada täzelenen maglumatlar berildi we özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça diplomat bilen aýratynlykda pikir alyşmaga mümkinçilikler döredildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar, esasan, mebel, miwe-gök önüm konserweleri, süýji-köke önümleri, oba hojalyk tehnikalary, aýna önümleri, garyşyk iým, maldarçylyk üçin enjamlar, taslama düzmek hem-de logistika hyzmatlaryny eksport etmek mümkinçilikleri bilen gyzyklandylar.

Mundan başga-da, gümrük düzgünleri, nyrh bilen bagly bolmadyk söwda çäklendirmeleri, logistika, özara hasaplaşyklar hem-de döwlet satyn alyşlary bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Şeýle hem türkmen hyzmatdaşlary bilen iş alyp barmagyň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlar, iş ýörelgeleri we hereket edýän kanunçylyk barada pikir alşyldy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, bu ugurlary bilmek işewürlik taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Belarusyň Söwda-senagat edarasynyň bellemegine görä, bu çäre palatanyň agzalaryna türkmen bazaryna çykmaga ýardam bermek maksady bilen guraldy. Çärä gatnaşyjylar duşuşygyň görnüşine we Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ykdysady gullugynyň wekili bilen pikir alyşmak mümkinçiligine ýokary baha berdiler.

2022