ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud diplomatik wezipesini tamamlaýar

BT
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud diplomatik wezipesini tamamlaýar
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rudyň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy (Surat: mfa.gov.tm)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 18-nji iýulda Türkmenistada diplomatik wezipesini tamamlaýan ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu güne çenli gazanylan netijelerine garadylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i şenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda geçirilýän gepleşikleriň hem-de saparlaryň möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda Raşid Meredow Elizabet Ruda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, oňa geljekki işinde üstünlik arzuw etdi. Öz gezeginde, ilçi öz wezipesini alyp baran döwründe berlen goldawlary we döredilen şertler üçin Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

Ilçi-geňeşçi derejesindäki diplomat Elizabet Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy wezipesine 2024-nji ýylyň iýul aýynda başlapdy.

2022