Türkmenistanyň ÝUNESKO milli topary ICESCO bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

BT
Türkmenistanyň ÝUNESKO milli topary ICESCO bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi, 2026-njy ýylyň 20-nji iýuly (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşenbe güni geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynda (ICESCO) synçy döwlet derejesini resmi taýdan almagy bilen baglylykda, bu gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Mejlisiň dowamynda ICESCO bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we ony ösdürmegiň mehanizmleri gözden geçirildi. Şeýle hem 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar bilim, ylym, medeniýet, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklary halkara derejede ilerletmek ugurlarynda ÝUNESKO bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlaryny we öz üstüne alan borçnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ÝUNESKO, ICESCO we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenip, öňde duran döwür üçin işiň esasy ugurlary bellenildi.

2022