Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Gaaga şäherinde Niderlandlaryň Daşary işler ministriniň orunbasary, syýasy meseleler boýunça baş direktory Ýost Flamand bilen duşuşyp, 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdy. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar öňde boljak çempionatyň guramaçylyk işleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ilkinji gezek Türkmenistanyň çäginden daşynda geçiriljek bu iri halkara çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke bedewleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem duşuşykda çempionatyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli çäreleriň taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Diplomatlar Gaaga şäherinde iki ýurduň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň we öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda türkmen-niderland işewürlik forumyny geçirmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar. Taraplaryň bellemegine görä, bu forum söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de Niderlandlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak arkaly Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikleri berer.

Duşuşykda suw serişdelerini rejeli dolandyrmak, suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de döwrebap suw hojalyk düzümini ösdürmek ýaly ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy.
Şeýle hem şol gün türkmen ilçisi Sapar Pälwanow Niderlandlaryň Daşary işler ministrliginiň Protokol departamentiniň ýokary derejeli çäreler boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Bob Aal we protokol gullugynyň işgärleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşykda taraplar ýokary derejeli wekiliýetleriň saparlaryny guramak bilen bagly guramaçylyk we tehniki meseleleri maslahatlaşyp, dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin utgaşykly işleri dowam etdirjekdiklerini tassykladylar.

















