Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy

BT
Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 22-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garadylar. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar konstruktiw türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Kristin Hokins ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili wezipesine iýul aýynda bellenilip, diplomatik işini tamamlan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rudyň ornuna geldi.

2022