Türkmenistan bilen Azerbaýjan halkara ýük daşamalarynda ulanylýan “e-TIR” elektron ulgamynyň ilkinji synag taslamasyny amala aşyrýar. Bu barada Azerbaýjanyň Halkara awtomobil ulaglary assosiasiýasynyň (ABADA) Baş sekretary Kenan Gurbanow habarçylar bilen söhbetdeşliginde aýtdy diýip, Trend agentligi habar berýär.
Synag taslamasynyň çäklerinde ýük Gazagystandan Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana getirildi. Indiki tapgyrda bolsa ol “e-TIR” ulgamy arkaly ilkinji daşamany amala aşyrmak üçin Türkmenistana ugradylar.
“Bu synag döwründe hiç hili kynçylygyň ýüze çykmajakdygyny umyt edýäris. Kynçylyklar ýüze çykaýan ýagdaýynda hem bu synag taslamasy olary aradan aýyrmak babatda uly ähmiýete eýedir” diýip, Gurbanow belläp geçýär.
Onuň bellemegine görä, Halkara ýol daşaýyş depderçesiniň (TIR Carnet) kagyz görnüşindäki ornuny tutup bilýän “e-TIR” ulgamy halkara ýük daşamalarynda amallaryň has çalt ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Indiki tapgyrda bolsa “e-CMR” elektron ýük hatynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

















