Bütindünýä banky Merkezi Aziýada serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy goldamak maksady bilen 20 million ABŞ dollary möçberinde grant berer. Bu barada sişenbe güni çap edilen Bütindünýä bankynyň metbugat beýanatynda habar berildi.
Grant serişdeleri Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (IFAS) Ýerine ýetiriji komitetine berler. Bu serişdeler suw hojalygy infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, maýa goýumlary çekmäge, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de umumy suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen “Merkezi Aziýada suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” (CAWEC) taslamasyny durmuşa geçirmek üçin ulanylar.
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, taslama durmuşa geçirilenden soň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşaýan takmynan 40 million adam suw serişdelerini dolandyrmagyň gowulanmagy netijesinde peýda görer.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti 2031-nji ýyla çenli sebitiň azyndan iki ýurdunyň gatnaşmagynda serhetüsti suw hojalyk infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen alty sany taslamany taýýarlamagy meýilleşdirýär. Şeýle hem taslamanyň suwaryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we toplamak, şeýle hem umumy suw gorlaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek üçin goşmaça maýa goýumlary çekmegine garaşylýar.
Taslamanyň çäklerinde suw serişdelerini hasaba alyş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, Amyderýa we Syrderýa basseýnleri boýunça maglumat ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitdäki suw hojalyk edaralary üçin 100-e golaý hünärmeni taýýarlamak hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda tejribe we bilim alyşmagy giňeltmek hem göz öňünde tutulýar.

















