Türkmenistanyň “Blue Hills” kärhanasy täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda GDA ýurtlaryna sellýuloza kagyzynyň eksportyny artdyrýar. Kärhana awgust aýynda Özbegistana we Täjigistana uly möçberde önüm ugradar, şeýle hem ilkinji gezek Gazagystana ofis kagyzyny eksport eder. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Awgust aýynda Özbegistana mekdep okuw kitaplaryny, depderleri we albomlary çap etmek üçin niýetlenen 135 tonna ofset kagyzy eksport ediler. Şeýle hem 68 tonna kagyz Täjigistana, 275 tonna bolsa Eýrana ugradylar. Mundan başga-da, kärhana ilkinji gezek Gazagystana A4 formatyndaky 48 müň list ofis kagyzyny iberer.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda islegiň ýokarlanmagy sebäpli kärhana önümçilik möçberini iki esse ýokarlandyrdy. Ozal aýda 600 tonna kagyz öndürilen bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 1 müň 200 tonna ýetdi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän we 2025-nji ýylyň iýun aýynda işe girizilen zawod A4 we A3 formatyndaky ofis kagyzlaryny, şeýle hem dürli galyňlykdaky ofset kagyzlaryny öndürýär. Kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 14 müň 400 tonna önüme barabardyr.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, “Blue Hills” önümleri häzirki wagtda Özbegistana, Täjigistana, Eýrana, Azerbaýjana, Pakistana we Ermenistana eksport edilýär. Awgust aýynda Gazagystana ilkinji eksport amala aşyrylar, geljekde bolsa Gyrgyzystanyň we Gruziýanyň bazarlaryna çykmak meýilleşdirilýär.
Kärhanada ilkinji nobatda Türkmenistanyň içerki bazaryny doly üpjün etmek ileri tutulýar, eksport üçin niýetlenen önüm tapgyrlary şondan soň taýýarlanylýar. Kagyz önümçiliginde ulanylýan sellýuloza kagyzy Portugaliýadan, Braziliýadan, Awstriýadan, Ispaniýadan we Türkiýeden getirilýär.

















