Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň binalary gurlar

BT
Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň binalary gurlar
Aşgabat Demirýol wokzaly, Türkmenistan

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde demir ýol ulagy pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu taslama demir ýol ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini has-da artdyrmaga hem-de işgärler üçin döwrebap we oňaýly iş şertlerini döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022