Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) ýurduň bu gurama agza bolmak boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar. Duşuşyk 27-nji iýulda Ženewadaky BSG-niň baş edarasynda geçirildi. Bu barada BMG-nyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Duşuşyga BSG-nyň Baş direktorynyň orunbasary Çžan Sýançen hem-de Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawa gatnaşdy. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ony mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Gepleşikde esasan Türkmenistanyň daşary söwda düzgünleri baradaky Ähtnamany taýýarlamak, şeýle hem ýurduň BSG-ä agza bolmagy bilen bagly beýleki guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge we Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

















