Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bank ulgamy, durnukly energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak we ulag geçelgelerini ösdürmek ugurlary boýunça özara düşünişmek hakynda bäş sany Ähtnama gol çekdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 28-nji iýulda geçirilen duşuşygyň netijileri boýunça degişli resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝTÖB-niň Prezidenti Odil Reno-Bassonyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde taraplar hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bankyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, “ýaşyl” energetikany ösdürmek, sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça alyp barýan işlerine berýän goldawy aýratyn nygtaldy.
Duşuşykda ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmäge, sebitleýin ulag geçelgelerini, hususan-da, Transhazar ulag geçelgesini ilerletmäge gönükdirilen geljegi uly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Raşid Meredow Türkmenistanyň ykdysady özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmäge, öňdebaryjy halkara tejribesini we maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle hem ol ileri tutulýan milli we sebit maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine berýän goldawy üçin ÝTÖB-ä hoşallyk bildirdi.
Öz gezeginde, Odil Reno-Basso Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ÝTÖB-niň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge, täze institusional we infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge hem-de meýilleşdirilen taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşykdan soň Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen ÝTÖB-niň arasynda özara düşünişmek hakynda bäş sany Ähtnama gol çekildi. Olaryň biri bankyň Türkmenistandaky 2027–2032-nji ýyllar üçin esasy strategik iş ugurlaryny kesgitleýär. Başga bir Ähtnama bank ulgamyny berkitmek, eksport ugurly ösüşi goldamak we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, durnukly energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Ähtnamalara gol çekildi. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen ÝTÖB-niň arasynda bankyň “Ýaşyl şäherler” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

















