Özbegistanyň “Pipe Metal” kompaniýasy Türkmenistana metal önümleriň eksportyny artdyrmakçy

BT
Özbegistanyň “Pipe Metal” kompaniýasy Türkmenistana metal önümleriň eksportyny artdyrmakçy
Özbegistanyň “Pipe metal” kompaniýasynyň önümçilik zawody, (Surat: pipemetal.uz)

Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen-özbek işewürlik forumynda Özbegistanyň “Pipe Metal” kärhanasynyň wekili Alişer Abdurahmanow kompaniýanyň Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we metal önümleriniň iberiliş möçberini artdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Alişer Abdurahmanowyň bellemegine görä, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk başlangyç tapgyrda bolup, ýakynda ilkinji metal önümleri üstünlikli iberildi. Şeýle hem kompaniýa Täjigistan we Gazagystan bilen durnukly söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.

“Pipe Metal” kärhanasy elektrik kebşirlenen, suw-gaz geçiriji we profil turbalaryny, dürli görnüşli polat önümlerini hem-de gyzgyn togalanan polat ýapraklaryny öndürýär. Kompaniýanyň maglumatyna görä, önümçilikde ulanylýan metal çig mal önümleri Russiýadan we Gazagystandan getirilýär, taýýar önümler bolsa döwlet standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylýar.

Alişer Abdurahmanow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk pudagyndaky ýokary ösüş depginleriniň ýokary hilli gurluşyk materiallaryna bolan islegi artdyrýandygyny belledi. Şeýle hem ol geografik ýakynlygyň logistika çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýändigini aýdyp, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga hem-de metal önümleriniň iberiliş möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022