Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1–2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler. Forumda döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada “Turkmen Congress” habar berdi.
Forum Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan “Turkmen Congress” guramasynyň goldaw bermeginde guralýar. Guramaçylaryň habar bermegine görä, çärä iri halkara maliýe guramalaryň, şol sanda Halkara maliýe korporasiýasynyň (IFC), Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) hem-de UK Export Finance guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forumyň iş maksatnamasy energetika we nebithimiýa senagatynyň, Hazar sebiti hem-de Orta geçelgäni öz içine alýan ulag geçelgelerini ösdürmegiň, sanly ykdysadyýetiň we wirtual aktiwleriň, “ýaşyl” ösüş taslamalarynyň, agrosenagat toplumynyň, syýahatçylyk we şäher infrastrukturasynyň, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmagyň ösüşine bagyşlanar.
Çäräniň çäklerinde emeli aňyň ykdysadyýetde ulanylyşy we onuň maýa goýum işine täsiri boýunça aýratyn panel maslahaty hem geçiriler.
Forumyň çäklerinde döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklar, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hukuk we maliýe meselelerine bagyşlanan amaly seminar, şeýle hem halkara maliýe institutlary we işewür toparlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak boýunça çäreler geçiriler.
Guramaçylaryň maglumatyna görä, gatnaşyjylary hasaba almak ýakyn wagtda forumyň resmi internet sahypasynda açylar.

















