Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 29-njy iýuly (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atly sport boýunça dünýä çempionatynda we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik etjek “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda toparyň okuw-türgenleşik işleri bilen tanyşyp, ýaş türgenleriň durmuşy bilen gyzyklandy hem-de olara öňde boljak halkara ýaryşlarda üstünlik arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atly sport boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň her bir agzasy bilen söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, geljekki maksatlary we maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy. Şeýle hem ol Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýandygyny belläp, ýaş nesilleriň ösüşi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ähmiýetine hem ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary atly sportuň we çylşyrymly at üstündäki hereketleriň ussatlary bolan ýaşlary birleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň dünýä çempionatynda we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, milli atçylyk sungatyny hem-de ahalteke bedewlerini halkara derejede giňden wagyz etjekdigine ynam bildirdi.

Öz gezeginde toparyň agzalary döredilýän mümkinçilikler we edilýän aladalar üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, öňde boljak halkara ýaryşlarda üstünlik gazanmak we bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerini aýtdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022