Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Mihaý Daraban bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda port we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada THP habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine, şeýle hem Konstansa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ulag-logistika gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselelerine garadylar.
Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Hazar tebigy gazyny Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Ýewropa bazaryna çykarmaga gönükdirilen AGRI taslamasynyň täzeden dikeltmegini goldaýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen ilçisi Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri barada tanyşdyryp, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda ýurduň jemi içerki önüminiň 6,3 göterim artandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň tebigy gazyň tassyklanan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýändigini aýtdy.
Taraplar Konstansa portunyň binýadynda türkmen önümleri üçin sebit paýlaýyş merkezini döretmek başlangyjyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

















