Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Niderlandlar Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde “Royal IHC”, “Damen Shipyards Group” kompaniýalarynyň wekilleri hem-de IHE Delft — halkara suw bilimleri institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirip, suw serişdelerini dolandyrmak, deňiz infrastrukturasyny ösdürmek we hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Türkmen wekiliýetiniň iş sapary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlarda ýerleşýän “Peelbergen” atçylyk toplumynda geçiriljek atly sport boýunça dünýä çempionatynyň we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň öňüsyrasynda amala aşyryldy. Bu ýaryşlar Türkmenistanyň çäginden daşarda ahalteke bedewleriniň arasynda geçiriljek şeýle derejedäki ilkinji halkara çempionat bolar.
Deňiz tehnologiýalary we düýp çuňlaşdyryş işleri boýunça işleri alyp barýan “Royal IHC” kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda taraplar suw serişdelerini dolandyrmak, suw kanallaryny taba getirmek hem-de bu ugurda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem olar özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar barada pikir alşyp, öňki ýyllarda toplanylan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler.

Niderlandlaryň öňdebaryjy gämi gurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan “Damen Shipyards Group” kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda gämi gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlarda geçiriljek atly sport boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem türkmen tarapy bu iri halkara çäräniň çäklerinde türkmen-niderland işewürler maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, “Royal IHC” we “Damen Shipyards Group” kompaniýalarynyň wekillerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
IHE Delft — halkara suw bilimleri institutynyň rektory bilen geçirilen duşuşykda taraplar institutyň halkara tejribesini, hünärmenleri taýýarlamak, bilim alyşmak we hünär gatnaşyklaryny ösdürmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen wekiliýeti institutyň wekillerini gepleşikleri dowam etdirmek we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

















