Türkmenistan bilen Türkiýe migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garady

BT
Türkmenistan bilen Türkiýe migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garady
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy, 2026-njy ýylyň 29-njy iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy)

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda 29-njy iýulda Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirilip, migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar. Mundan başga-da, taraplar özara gatnaşyklaryň giň gerimli meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar yzygiderli geçirilýän iş duşuşyklarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde täsirli gural bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege üstünlik arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС