Türkmenistanyň Prezidenti Awazada geçiriljek konsultatiw duşuşygyň gün tertibi bilen tanyşdyrdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada geçiriljek konsultatiw duşuşygyň gün tertibi bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygynda, 2026-njy ýylyň 31-nji iýuly, Çolpon-Ata, Gyrgyzystan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygynda çykyş edip, oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň gün tertibiniň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowa myhmansöýerligi we duşuşygy ýokary derejede gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol Yssyk-kölüň kenarynda täze ajaýyp desgalaryň açylmagy bilen gyrgyz tarapyny gutlap, täze desgalaryň sebitiň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ösdürilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi geçen ýyl Daşkentde kabul edilen çözgüde laýyklykda bu formata doly hukukly gatnaşmagy bilen gutlady. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň gatnaşmagyndaky altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň özara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini hem-de bu formatyň bilelikdäki mümkinçilikleri netijeli ulanmak üçin goşmaça şertleri döretjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti 8-nji oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk işleriniň dowam edýändigini we gün tertibiniň taslamasynyň gatnaşyjy döwletlere iberilendigini aýtdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Awazada sammit bilen ugurdaş birnäçe halkara forumlaryň we medeni çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýändigini belläp, gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary derejeli halkara duşuşyklaryny guramak boýunça hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, gün tertibi — möhüm sebit we halkara parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek; daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňzini gaýtadan dikeltmek ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak babatda bilelikdäki çäreler; medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek ýaly bäş sany esasy ugry öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022