Ýanwar-iýun: Lebap welaýatynda gaz önümçiligi 117,1 million kub metr artdy

BT
Ýanwar-iýun: Lebap welaýatynda gaz önümçiligi 117,1 million kub metr artdy
Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Lebap welaýatynyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda 11 986,4 million kub metr tebigy gaz çykardy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 117,1 million kub metr köp boldy. Bu barada “Neýtralny Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Çykarylan tebigy gazyň bir bölegi içerki bazara ugradyldy we kärhanalaryň bökdençsiz işlemegi hem-de ilatyň durnukly gaz bilen üpjün edilmegi ýola goýuldy. Galan möçberi bolsa hereket edýän şertnamalara laýyklykda eksport edildi. Gaz çykarylyşynyň artmagy suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň ýokarlanmagyna hem ýardam berdi. Hasabat döwründe onuň öndürilişi iki esseden gowrak artdy.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň nebit çykaryjy kärhanalary ýanwar–iýun aýlarynda 248,2 müň tonna nebit we gaz kondensatyny öndürip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligi bir göterim ýokarlandy. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem 68,4 müň tonna dizel ýangyjy öndürildi. Bu görkeziji bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende dokuz göterim köp boldy. Benzin önümçiligi 127,4 müň tonna derejesinde saklandy, bitumyň öndürilişi bolsa iki ýarym göterim artdy.

Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň ýokarlanmagy himiýa senagaty, ulag pudagy hem-de oba hojalygy üçin çig mal we ýangyç üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etdi. Şeýle hem ýylyň ilkinji alty aýynda Lebap welaýatynda senagat önümçiliginiň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 47 million manat ýokary boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022