Daşoguz welaýatynda ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän toplum gurlar

BT
Daşoguz welaýatynda ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän toplum gurlar
Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki “Garabogazkarbamid” karbamid öndürýän zawody (Surat: “Türkmenhimiýa" DK)

Daşoguz welaýatynda ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän täze toplumy gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Daşoguz welaýatynda toplumynyň taslamasyny düzmek  we ony dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gyzyklanma bildirýän kompaniýalar gatnaşmaga çagyrylýar.

Bäsleşigiň resminamalaryny almak üçin gatnaşyjylar degişli ýüz tutmany tabşyryp, bäsleşik tölegini tölemeli. Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Bäsleşik teklipleri “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige degişli resminamalary bellenilen möhletde “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryp bilerler.

2022