“Maksat deri” gön önümleriniň 70 göterimden gowragyny eksport etdi

BT
“Maksat deri” gön önümleriniň 70 göterimden gowragyny eksport etdi
“Maksat deri” kärhanasynda gön önümçiliginden bir pursat (Surat: “Türkmenistan” gazeti)

Mary şäherinde ýerleşýän “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda gaýtadan işlenen gön önümleriniň 70 göterimden gowragyny eksport etdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň anna günündäki sanynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana ýarym taýýar we taýýar gön önümlerini Türkiýä, Pakistana, Russiýa we Özbegistana eksport edýär. Hasabat döwründe önümçilikde 36 million inedördül dessimetr gön gaýtadan işlenilip, onuň esasy bölegi daşary ýurt bazarlaryna ugradyldy.

Kärhanada Ýewropa ýurtlarynyň önümçilik enjamlary bilen birlikde, Italiýanyň hem-de Türkiýäniň kompaniýalarynyň täze tehnologiýaly enjamlary ornaşdyryldy. Şeýle hem önümçilikde her aý 30 müňden gowrak iri şahly mallaryň derisi gaýtadan işlenilýär. Mundan başga-da, kärhana taslama kuwwatlygyna çykarylandan soň öndürilýän önümleriň möçberini iki esse artdyrmagy hem-de 100-e golaý täze iş ornuny döretmegi meýilleşdirýär.

“Maksat deri” AGPJ 20 ýyldan gowrak tejribä eýe bolup, aýakgap, mebel, awtoulag senagaty, egin-eşik hem-de beýleki gön önümleri üçin dürli görnüşli deri öndürýär. Kärhana ýokary hilli çig maly, häzirki zaman tehnologiýalaryny we halkara hil ülňülerini ulanmak arkaly içerki hem-de daşary bazarlar üçin gön öndürýär.

2022