Türkmenistanyň Prezidenti Hazar boýunça ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylary gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Hazar boýunça ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary Hazar deňziniň güni bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Hazar deňziniň dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde tanalýandygyny belläp, onuň gaýtalanmajak tebigy aýratynlyklary, baý biologik köpdürlüligi we ykdysady ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny nygtady.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol 2012-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ekologiýa forumynyň bu ugurdaky başlangyçlaryň anyk beýanyna öwrülendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny, 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň bolsa sebit hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde möhüm waka bolandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Hazar deňziniň ekoulgamyny, biologik köpdürlüligini, seýrek duş gelýän ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňe sürýän Hazar ekologik başlangyjynyň deňziň ekoulgamyny goramakda we döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde möhüm ädimleriň biridigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahatyň deňziň tebigy baýlyklaryny goramak, ylmy taýdan öwrenmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek we Hazarýaka döwletleriň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, maslahata gatnaşyjylara berk jan saglyk we işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС