Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
"Caspian Policy Center"-iň (CPC) guramagynda “Dialogdan anyk netijelere: Çolpon-Ata sammiti we Transhazar hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary” ady bilen geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçilerini hem-de wekillerini bir ýere jemledi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew gatnaşdy.

Duşuşykda sebit üçin umumy ileri tutulýan ugurlary anyk başlangyçlara öwürmegiň ýollary, şeýle hem sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl maslahatynyň ähmiýetine we sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmanyň artýandygyna ünsi çekdiler.
Duşuşugyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Transhazar sebitinde abadançylygy, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerini we durnuklylygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Şeýle hem ykdysady integrasiýany güýçlendirmek hem-de ygtybarly infrastruktura döretmek ýaly ugurlara garaldy.

















