Omanyň “DUX Middle East” kompaniýasy TNGZIT-iň önümlerine gyzyklanma bildirýär

BT
Omanyň “DUX Middle East” kompaniýasy TNGZIT-iň önümlerine gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky, şol bir wagtda Oman Soltanlygyndaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň “DUX Middle East” kompaniýasynyň başlygy Rasul Guliaýew bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 13-nji awgusty

Oman Soltanlygynda hasaba alnan “DUX Middle East (FZC) LLC” kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümlerine gyzyklanma bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystandaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky, şol bir wagtda Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow 13-nji awgustda “DUX Middle East (FZC) LLC” kompaniýasynyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory Rasul Guliaýewi kabul etdi. Duşuşykda Resul Guliaýew türkmen ilçisini kompaniýanyň işleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ol TNGZIT-iň nebit önümçiligi bilen gyzyklandy.

Ilçi Muhammetgeldi Aýazow 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji halkara maslahat we sergi barada habar berip, Rasul Guliaýewi bu halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji halkara maslahat we sergi döwlet edaralarynyň, energetika kompaniýalarynyň, maýadarlaryň we halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemläp, maýa goýum mümkinçiliklerini, täze tehnologiýalary we halkara energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022