Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Duşuşyga Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Halkara awtoulag ýük daşamalary birleşiginiň, milli ýük daşaýjylarynyň hem-de ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Gepleşiklerde esasan göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmak hem-de iki ýurduň arasyndaky ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Türkmen tarapy öňe sürlen tekliplere garamaga we olary degişli döwlet edaralarynyň garamagyna ýetirmäge taýýardygyny aýtdy.
Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Hususan-da, Türkmenbaşy portunyň üsti bilen awtoulag we demir ýol arkaly ýük daşamalaryny artdyrmak, agram we ölçeg çäklendirmelerine täzeden garamak, şeýle hem ýük daşamalary üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen beýleki meseleler boýunça pikir alşyldy.

















