Şabatdaky guşçulyk hojalygynda aýda 2,5 milliona golaý ýumurtga öndürilýär

BT
Şabatdaky guşçulyk hojalygynda aýda 2,5 milliona golaý ýumurtga öndürilýär
Guşçulyk toplumy, Ahal welaýaty, Türkmenistan (Surat: Aýdo Şekerow)

Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşligindäki "Bagtyýar gurluşyk" hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk hojalygynda günde 85 müň sany, bir aýyň dowamynda bolsa 2,5 milliona golaý ýumurtga öndürilýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň şenbe günündäki sanynda habar berildi.

Azyk önümçiliginde netijeli işleýän hojalykda öndürilen ýumurtgalaryň täze tapgyry ýörite gaplara gaplanyp, söwda nokatlaryna hem-de hyzmatdaşlyk edýän sarp edijilere ugradylýar. Şeýle hem hojalyk boýunça 2026-njy ýylyň iýul aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnama möhletinden öň ýerine ýetirildi.

Guşçulyk hojalygy jemi 100 müň towuga niýetlenip, 6,5 gektar meýdany eýeleýär. Onuň çäginde hersi 50 müň guş idetmäge niýetlenen iki sany ketek ýerleşýär.

Hojalyk guşlaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin kombinirlenen iým öndürýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem önümçilik ulgamyna ýörite tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylmagy, işleriň döwrebap talaplara laýyklykda guralmagy öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyna mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda guşçulyk hojalygynyň işini kämilleşdirmek, azyk önümçiliginiň möçberini artdyrmak we önümleriň hil derejesini ýokarlandyrmak boýunça tehnologik-hojalyk çäreleri geçirilýär. Hojalykda 16 işçi-hünärmen azyk bolçulygyna goşant goşmak ugrunda zähmet çekýär.

2022