Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atadurdy Baýramow 17-nji awgustda ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze bellenen Prezidenti Ý. Kanehan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 14-16-njy dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetleriniň 16-njy mejlisine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da Türkmenistan bilen ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň biri bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça taslamalar barada pikir alyşdylar.

















