Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak 2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.
Maglumat alyşmak Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejiler komitetiniň arasyndaky ylalaşyga hem-de onuň tehniki şertlerine laýyklykda maglumat ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu ulgam harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çägine gelmezden öň degişli maglumatlary almaga we olaryň seljerilmegi esasynda zerur gümrük amallaryna öňünden taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär.
Deslapky elektron maglumat alyşmak daşaýjylar we daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin gümrük amallaryny tamamlamak üçin zerur wagty azaltmaga, harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegini çaltlaşdyrmaga hem-de kagyz işleriniň möçberini azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ulgam halkara ýük daşamalarynyň öňünden çaklanylmagyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Özara elektron maglumat alyşmak iki ýurduň arasyndaky söwda statistikasynyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem gümrük dolandyryşyny sanlylaşdyrmaga we daşary ykdysady işi ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu mümkinçilikleriň eksport, import we üstaşyr ýük daşamalaryny çaltlaşdyrmaga hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda we ulag gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

















