Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabada sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Duşuşykda türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Sirojiddin Muhriddin duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýtdy. Ol Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Serdar Berdimuhamedowa we Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi. Döwlet Baştutany bu duşuşyklaryň taryhy köklere, dostluga we özara hormata esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklardan başga-da, halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Bilelikdäki hökümetara toparyň bu ugurdaky ähmiýeti bellenilip, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Medeni-ynsanperwer ulgamda iki halkyň taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygynyň gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup galýandygy nygtaldy.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-täjik syýasy geňeşmeleri geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

















