“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” çagalara niýetlenen iýmit önümleriniň görnüşlerini artdyrýar

BT
“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” çagalara niýetlenen iýmit önümleriniň görnüşlerini artdyrýar
“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndüren AMC haryt nyşanly önümleri (Surat: THP)

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy importyň ornuny tutýan önümleriniň görnüşlerini artdyryp, çagalar üçin öndürilen AMC haryt nyşanly täze iýmit önümlerini hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Kärhananyň önümçilik meýdançasynyň geňeşçisi, çaga lukmany Ogulsuraý Ýazdurdyýewanyň bellemegine görä, täze önümleriň hataryna alty aýlyk we ondan uly çagalar üçin goşmaça iýmit hökmünde maslahat berilýän gury iýmit garyndylary we şüleler girýär.

Häzirki wagtda AMC haryt nyşanly önümleriniň hatarynda çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin zerur mikroelementler bilen baýlaşdyrylan tüwi, bal goşulan manna we köp däneli şüleler bar.

Kärhananyň önümçilik ugurlary häzirki zaman halkara hil standartlaryna we ekologik talaplara laýyk gelýär. Şeýle hem kärhanada öndürilýän önümler ýokary hilli bolup, olar Gazagystana, Özbegistana we sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport edilýär. Mundan başga-da, kärhananyň pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen kärhana bazardaky ornuny berkitmegi dowam etdirýär.

2022